«Google» amerikan kompaniýasy soňky 10 ýylda ilkinji gezek özüniň nyşanyny üýtgetdi. Bu barada «9to5google» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
Ýagny kompaniýa «G» harpyndaky takyk reňk zolaklaryny öňki şrifti saklamak bilen, gradiýente öwürdi. Nyşanyň bu nusgasyny eýýäm iOS ülňüsindäki «Google» priloženiýesinde synlamak bolýar. Emma muňa garamazdan, Android ulgamyndaky we brauzerdäki priloženiýede nyşanyň köne nusgasy görkezilýär.
Soňky gezek «Google» öz logotipini 2015-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda täzeläpdi. Şonda korporasiýa onuň şriftini üýtgedip, setir «G» harpyny baş harpa çalyşdy.