Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Rim Papasy Lew XIV emeli aňy adamzadyň iň uly meseleleriniň biri diýip atlandyrdy

14:2412.05.2025
0
14262
Rim Papasy Lew XIV emeli aňy adamzadyň iň uly meseleleriniň biri diýip atlandyrdy
Surat: Moskva 24

Täze Rim Papasy Lew XIV kardinallar bilen ilkinji duşuşygynda emeli aňy (EA) adamzadyň öňünde duran iň möhüm meseleleriň biri diýip atlandyrdy. Bu barada «Al Jazeera» habarlar gullugyna salgylanýan «rg.ru» habar berdi.

Watikanda çykyş edende, Papa özüni saýlan kardinallara ýüzlenip, emeli paýhasyň adam mertebesini, adalatlylygy we zähmeti goramakda kynçylyklary döredýändigini nygtady.

Ýeri gelende aýtsak, öňki Papa Fransisk emeli aňyň adam gatnaşyklaryny ýönekeý algoritmlere öwürjekdigini duýduryp, ýurtlary ony ulanmagy kadalaşdyrýan ylalaşyk baglaşmaga çagyrypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň