Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Somalide soňky 40 ýylda iň güýçli çabga ýagdy

09:2712.05.2025
0
9615
Somalide soňky 40 ýylda iň güýçli çabga ýagdy
Surat: MIR 24

Somalide güýçli çabgada azyndan 12 adam pida boldy, munuň öňüsyrasy paýtagtda yzyny üzmän ýagyş ýagdy diýip, «MIR 24» habar berdi.

Şeýle güýçli ýagynlary ýerli ýaşaýjylar ýatlaryna salyp bilmeýärler, çabga sekiz sagatlap yzyny kesmän ýagdy diýlip, habarda aýdylýar.

Ýurduň paýtagty Mogadişoda ýollar hatardan çykdy, asfalt düşegi zaýalandy. Gark bolan etraplaryň ýaşaýjylary diwarlardan aslyşyp hereket edýärler.

«Biz çagalarymyzy zordan halas etdik, emma garrylar henizem çabganyň duzagynda. Gijämizi sowukdan digdenekläp, üçekde geçirdik. Men hatda ertirlik hem edinmedim» diýip, paýtagtyň ýaşaýjysy Mohamed Hasan gürrüň berýär.

Jemgyýetçilik ulaglary hereket etmeýär, halkara howa menziliniň işini wagtlaýyn togtatdylar. Şäherde dikeldiş işleri dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň