Beýik Britaniýada iki erkek kişi kazyýetde ýurtda meşhur bolan Robin Guduň daragtyny çapmakda günäli bilindi diýip, «Sky News» teleýaýlymyna salgylanýan «News.mail.ru» habar berdi.
Agajyň ýaşy 150 ýyldan hem geçýär. Bu jenaýat işinde aýyplanýan 39 ýaşly Deniel Grem we 32 ýaşly Adam Karruters ähli aýyplamalary inkär etdiler, emma oturdaşlar olary günäleýji çözgüt çykardylar.
Agajyň çapylmagyndan çekilen ýitgi 620 müň funt sterling bahalanýar, şeýle hem onuň ýanyndaky Adrianyň seňňerine ýetirilen zyýan üçin bir müň funt baha kesildi. Seňňer rimliler tarapyndan gurlan gorag bolup, ol ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawyna girýär. Agaç ýykylanda, oňa hem zeper ýetdi.
«Daily Mail» gazetiniň ýazmagyna görä, jenaýatçylara 10 ýyla çenli türme tussaglygy howp salýar.
Daragt 1991-nji ýylda «Robin Gud: Ogrularyň şazadasy» filminde görkezilenden soňra meşhurlyk gazandy. 2016-njy ýylda ol Angliýada «ýylyň agajy» diýen ada mynasyp boldy.