Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Panasonic» işgärleriniň sanyny azaldýar

11:1910.05.2025
0
23965
«Panasonic» işgärleriniň sanyny azaldýar
Surat: Gazeta.ru

Ýaponiýanyň «Panasonic» kompaniýasy has täsirli we «tygşytly» kompaniýa bolmak maksady bilen, özüniň tutuş dünýädäki işgärleriniň 10 müňüsini kemeltmekçi. Bu barada «Associated Press» habarlar gullugyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

Işgärleriniň umumy sany 230 müň adamdan ybarat bolan kompaniýa olaryň 4 göterimini kemeltmekçi. Ýaponiýadaky işgärlere bolsa, möhletinden öň pensiýa çykmak teklip ediler, şeýle-de kärhanalaryň birgideni ýapylar.

«Panasonic» kompaniýasy maliýe ýylynda girdejileriň 17,5 göterim azalandygyny habar berdi, mart aýyndaky ýagdaýa görä, girdejiler 366 millliard iýeni düzdi, bu geçen maliýe ýylyndakydan (443 mlrd iýen) 77 mlrd iýen azdyr diýlip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň