Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ýüzükleriň hökümdarynyň» täze filminiň prokata çykjak güni belli boldy

09:4510.05.2025
0
29428

«Ýüzükleriň hökümdary» atly meşhur filmler tapgyrynyň «Gollumy ele salmak» (The Lord of the Rings: The Hunt for Gollum) atly spin-off (esasy wakalardan öň bolan wakalary beýan edýän) bölümi halkara prokata 2027-nji ýylyň 17-nji dekabrynda çykar. Bu barada «Deadline» neşirine salgylanýan «Rg.ru» habar berdi.

Täze filmiň ýordumy «Ýüzügiň doganlygy» atly bölümde beýan edilen wakalaryň arasyndaky döwürde bolup geçýär. Onda Gollum (keşbi filmiň režissýory Endik Serkis ýerine ýetirýär) elflerden we dunedaýnlardan (Aragornyň kowumdaşlary) gizlener.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň