Hazar deňzi institutynyň direktory M.Atajanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 5-7 maýda Moskwada geçirilen Hazar deňzi meseleleri boýunça Ýokary derejeli iş toparynyň (ÝDIT) onunjy mejlisine gatnaşdy.
Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň (wekiliýetiň başlygy – S.A.Şarifow), Eýran Yslam Respublikasynyň (wekiliýetiň başlygy – A.Jahangiri), Gazagystan Respublikasynyň (wekiliýetiň başlygy – Z.A.Amanjolowa) hem-de Russiýa Federasiýasynyň (wekiliýetiň başlygy – M.I.Petrakow) wekiliýetleri hem gatnaşdylar.
Mejlise Russiýa Federasiýasynyň wekiliýetiniň başlygy M.I.Petrakow ýolbaşçylyk etdi.
Mejlisiň dowamynda Hazar deňzinde asyl göni çyzyklary goýmagyň usullary ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň çäklerinde taraplar Hazar deňzindäki hyzmatdaşlyga syn berdiler hem-de daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygyna taýýarlyk meselelerine seredip geçdiler.
Wekiliýet agzalary gepleşikleriň netijelerine oňyn baha berdiler we mejlisi ýokary derejede gurandygy üçin Russiýa Federasiýasyna minnetdarlyk bildirdiler. Hazar deňzi meseleleri boýunça Ýokary derejeli iş toparynyň indiki mejlisi Türkmenistanda diplomatik ýollar arkaly ylalaşylan senelerde geçiriler diýlip, habarda bellenilýär.