Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ŞHG-niň sammitine gatnaşmagyna garaşylýar

12:2607.05.2025
0
11983
Türkmenistanyň ŞHG-niň sammitine gatnaşmagyna garaşylýar
Surat: Ashgabat.in

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) nobatdaky sammiti 2025-nji ýylyň güýzünde Hytaýyň Týanszin şäherinde geçiriler. Oňa Türkmenistan hem gatnaşar. Bu barada ŞHG-niň Baş sekretary Nurlan Ermekbaýew öz çykyşynda belledi diýip, «RIA Nowosti» agentligi habar berdi.

N.Ermekbaýew bu sammitiň guramanyň ösüşinde täze sahypanyň açylmagyna sebäp boljakdygyna ynam bildirdi. Ol Hytaýyň ŞHG-da başlyklyk wezipesini üstünlikli ýerine ýetirýändigini, sammitiň iň ýokary derejede geçiriljekdigini hem-de onuň «Hytaý ýylynyň» esasy wakalarynyň birine öwrüljekdigini nygtady.

Guramanyň Baş sekretary Týanszin sammitiniň gatnaşyjylary bilen baglanyşykly soraga jogap berip, sammitde gatnaşjak ýurtlaryň düzümi boýunça teklip hödürlemek işiniň başlyklyk edýän döwletiň ygtyýarynda bolýandygyny aýtdy. Ol döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlislerine adaty gatnaşýan ýurtlaryň hatarynda synçy döwlet hökmünde Mongoliýanyň we başlyklyk edýän döwletiň myhmany hökmünde Türkmenistanyň bardygyny hem belledi.

Bellenilişi ýaly, döredileninden bäri 24 ýyl geçen ŞHG häzirki zaman halkara gatnaşyklary ulgamynyň iň möhüm guramalarynyň birine öwrüldi. Guramanyň umumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmakdaky hem-de täze demokratik, adalatly we ykdysady dünýä tertibini gurmakdaky orny yzygiderli ýokarlanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň