Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Moskwadaky Ýeňiş dabarasyna 29 sany halkara lider gatnaşar

11:3807.05.2025
0
22002
Moskwadaky Ýeňiş dabarasyna 29 sany halkara lider gatnaşar
Surat: RIA Nowosti

Russiýanyň paýtagtynda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna guraljak dabaraly ýörişe 29 sany daşary ýurt döwlet Baştutanlary gatnaşarlar. Bu barada RF-niň Prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow aýtdy diýip, «RIA Nowosti» ýazýar.

Rus lideriniň kömekçisi Moskwada Ýeňiş gününde Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarussiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Abhaziýanyň, Bosniýanyň we Gersogowinanyň, Braziliýanyň, Burkina-Fasonyň, Wenesuelanyň, Wýetnamyň, Gwineýa-Bisaunyň, Müsüriň, Zimbabweniň, HHR-iň, Kongonyň, Kubanyň, Laosyň, Mongoliýanyň, Mýanmanyň, Palestinanyň, Serbiýanyň, Slowakiýanyň, Ekwator Gwineýasynyň, Efiopiýanyň we Günorta Osetiýanyň Liderleriniň boljakdygyny nygtady.

Şeýle hem dabaralara Hindistan, Nikaragua we GAR ýokary derejeli wekiliýet görnüşinde gatnaşarlar.

«Dokuzynjy maý— biziň dabaralarymyzyň esasy güni. Däbe görä, sagat 10:00-da harby ýöriş başlanar» diýip, Ýuriý Uşakow sözüniň üstüni ýetirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň