Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen BMG-Habitatyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

22:1206.05.2025
0
17214
Türkmenistan bilen BMG-Habitatyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy
Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat) halkara bilermenlerinden düzülen baha beriş missiýasynyň agzalarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Häzirki wagtda hereket edýän Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-Habitatyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek gepleşikleriň esasy mowzugy boldy diýip, Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň barşynda soňky ýyllarda Türkmenistan bilen BMG-Habitatyň arasyndaky gatnaşyklaryň ep-esli işjeňleşendigi nygtaldy. Hyzmatdaşlyk dürli ugurlarda milli şähergurluşyk syýasatynyň ösmegine, şol sanda şäher we oba ilatly ýerlerde alnyp barylýan işleri kadalaşdyrmaga, meýilleşdirmäge, taslamalaşdyrmaga we daşky gurşawy goramaga itergi berýär.

Taraplar 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň çäklerinde ýurduň borçnamalaryna kybapdaş gelýän we DÖM 11-iň durmuşa geçirilmegi üçin esas bolup hyzmat edýän milli maksatnamalary kabul etmegiň we durmuşa geçirmegiň ähmiýetini bellediler.

Konstruktiw ýagdaýda geçen gepleşikleriň ahyrynda söhbetdeşler hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny we ony täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga bolan meýillerini tassykladylar diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň