Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Russiýalylara tomsuň ortasynda Özbegistana syýahat etmezlik maslahat berildi

16:5006.05.2025
0
17306
Russiýalylara tomsuň ortasynda Özbegistana syýahat etmezlik maslahat berildi
Surat: Gazeta.ru

Russiýalylara yssy howa sebäpli iýulda Özbegistana turistik sapar bilen barmazlyk maslahat berildi. Bu barada Russiýanyň Jahankeşdelik gulluklarynyň assosiasiýasynyň başlygy Maýýa Lomidze «Gepleýär Moskwa» radioýaýlymynda aýtdy.

Lomidzäniň sözlerine görä, Özbegistanda tomsuň ortasynda howanyň gyzmagy sebäpli syýahat etmek oňaýsyz bolup biler. Emma muňa garamazdan, bu ýurt russiýalylar üçin hemişe özüne çekiji bolup durýar. «Samarkant, Hywa ýa Buhara bolsun, hemişe-de gyzykly ýerleri bilen jahankeşdeleri özüne çekýär. Daşkent hem owadan şäher. Samarkant, Hywa we Buhara düýbünden dürli şäherler, hersiniň öz taryhy bar» diýip, ol aýtdy.

Assosiasiýanyň ýolbaşçysy Özbegistana syýahat üçin ýylyň beýleki salkyn pasyllaryny, mysal üçin, ýazy ýa-da güýzi saýlamagy maslahat berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň