Tailandda milli seýilgähde maýmynlary çips bilen naharlan daşary ýurtly syýahatçylara jeze beriljekdigini aýtdylar diýip, «Thaiger» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.
Waka ýurduň Krabi ülkesiniň Phiphi diýen ýerinde boldy. Oňa şaýat bolan ýerli ýolbelet Pokpong «Patrik» Suwannasir wakany wideo düşürip, sosial torda ýerleşdirilipdir. Onuň düşüren wideogörnüşlerinde bir erkek kişiniň biline çenli suwuň içinde durup, elindäki içi çipsli gapdan maýmynlary naharlaýandygy, beýleki syýahatçylaryň bolsa, ony goldaýandygy görünýär. Şol pursat ýolbelet Patrik daşary ýurtlulardan haýwanlar üçin howply bolan bikanun naharlamagy bes etmegi talap edipdir. Sebäbi maýmynlaryň soňra adamlaryň naharlamagyna öwrenişip, ilatly ýerlere barmagy mümkin. Emma düzgüni bozujy oňa gulak asmandyr.
Häzir milli seýilgähiň işgärleri daşary ýurtly jahankeşdäni gözleýärler. Oňa 1 müň bat möçberde jerime garaşýar diýlip, habarda bellenýär.