Howanyň maýlamagy bilen, «Soltan» restoranlar tory myhmanlaryny ýeňil hem-de ter işdäaçarlary özünde jemleýän täzelenen menýusy bilen begendirýär. Olaryň ýörite taýýarlanylan reseptleri serginlik bermek we tagamyň ýeňilligini duýmak üçin niýetlenendir. Bu bolsa işdäaçarlary tomus möwsüminiň ajaýyp tagamyna öwürýär.
Hödürlenilýän täze önümleriň hatarynda — möwsümleýin gök önümleriň terligini kitirdewük we peýdaly kädi çigitleri bilen utgaşdyrýan «Kädi çigitli gök önüm salady» bar. «Mozzarellaly we mäşli gök önüm salady» bolsa ýumşak mozarella bilen witamine baý mäşiň ýeňil we ýokumly sazlaşygydyr. «Nar saladynyň» hem şireli nar däneleriniň ajaýyp datly we turşumtyk tagamy sizi geň galdyrar.
Bu tagamlar «Soltan» restoranlarynyň işdäaçarlar menýusynyň diňe bir kiçi bölegidir. Restoranlaryň dürli islegleri aňryýany bilen kanagatlandyryp biljek başga-da köp sanly özboluşly we datly işdäaçarlary bar.
Restoranlaryň wekilleriniň belleýşi ýaly, tomusyň ýakymly maýyl günlerinde dokundyryjy tagamlary halaýanlar özlerini doly kanagatlandyrýan we ýeňillik duýgusyny döredýän uly hem ýaşyl işdäaçarlary has gowy görýärler. «Soltan» restoranlar tory hemmeleri şahamçalaryna baryp görmäge we göwnünden turýan täze tagamlary açmaga çagyrýar.
«Soltan» restoranlarynyň salgylary:
• «Berkarar» SDAM, 3-nji gat, D 17. Telefon belgileri: (+993 65) 30 88 88, (+993 12) 46 84 44, (+993 12) 46 88 44;
• «Berkarar» SDAM, 3-nji gat, D 2. Telefon belgileri: (+993 61) 60 60 60, (+993 12) 46 88 08, (+993 12) 46 88 09;
• «Berkarar» SDAM, 3-nji gat, K 1. Telefon belgileri: (+993 60) 20 50 02, (+993 12) 46 84 80, (+993 12) 46 84 81;
• Andalyp köçesi, 80 B, 2-nji gat (Parahat-4). Telefon belgileri: (+993 65) 69 16 16, (+993 12) 47 40 25, (+993 12) 47 40 26;
• Magtymguly şaýoly 217, «Gül Zemin» SDAM, 3-nji gat, D 09. Telefon belgileri: (+993 63) 20 86 86, (+993 12) 90 33 70, (+993 12) 90 33 80;
• «Aşgabat» SDAM, 3-nji gat C-3.24. Telefon belgileri: (+993 62) 21 86 86, (+993 12) 41 54 50, (+993 12) 41 54 51;
• G.Kulyýew köçesi (Obýezdnaýa), 72-nji jaý, 2-nji gat. Telefon belgileri: (+993 65) 72 61 62, (+993 12) 75 48 44, (+993 12) 75 49 44.
Şeýle-de okaň: