Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Soltan Loft» restoranynda ajaýyp çagalar baýramçylygy üçin ähli şertler döredilen

16:0730.04.2025
0
24596

«Soltan Loft» restorany – gyzykly we şadyýan çagalar baýramçylyklaryny geçirmek üçin döredilen giňişlikdir. Bu ýerde ähli zat ýaşajyk myhmanlaryň özlerini bagtly duýmagy, baýramçylygyň guramaçylygynyň bolsa ulular üçin ýokary derejede rahat bolmagy üçin göz öňünde tutulandyr.

Güýmenje meýdançasy dürli ýaşdaky çagalaryň doly derejeli dynç alşyny üpjün etmek üçin dürli attraksionlary we oýun elementlerini öz içine alýar.

«Soltan Loft-da» çagalara çäksiz şatlyk, özüne çekiji oýunlar we süýji tagamlar, iň esasysy bolsa, uzak wagtlap ýatda galjak duýgular garaşýar» diýip, restoranyň wekili belledi.

Güýmenje zolagynyň çäginde ene-atalaryň çagalaryna sowgat satyn almaklary üçin kiçijik oýunjak dükany hereket edýär.

Şeýle hem restoranda ýörite çagalar menýusy göz öňünde tutulandyr.

«Soltan Loft» restorany Aşgabatda şu salgyda ýerleşýär: G.Kuliýew köç. (Obýezdnaýa), 72, «Soltan» binasy.

Has giňişleýin maglumat almak we stollary bronlamak üçin şu telefonlara ýüz tutup bilersiňiz: (+993 65) 72 61 62, (+993 12) 75 48 44, (+993 12) 75 49 44. Sosial ulgamdaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň