5-nji maýda Türkiýe Respublikasynyň Medipol uniwersitetiniň binasynda geçirilýän çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş Konsullygynyň (Stambul ş.) we türkmen talyp ýaşlary bilen bilelikde guramagynda ýörite baýramçylyk sergi-tanyşdyryş çäresi geçirildi. Çäre 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guraldy.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, çäräniň çäklerinde Medipol uniwersitetinde okaýan talyplaryň we akademiki jemgyýetçiliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda türkmen medeniýetine bagyşlanan dabaraly konsert guraldy.
Sergi meýdançasynda baýramçylyk sergi-çäresine gatnaşan birnäçe daşary ýurtly myhmanlara, talyp ýaşlara Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatyndaky esasy üstünlikleri, halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürýän möhüm başlangyçlary barada giňişleýin maglumat berildi.
Şunda Türkmenistanda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde geçirilýän çäreler bilen giňişleýin tanyşdyryldy diýlip, habarda bellenilýär.