Geljek ýylyň dowamynda «Neuralink» kompaniýasy adamyň beýnisine görüşi gaýdyp berýän çip ornaşdyrmakçy. Bu barada «SpaceX» kosmos uçuşlary boýunça kompaniýany döredijileriň biri, işewür Ilon Mask habar berdi diýip, «Fox News» teleýaýlymyna salgylanýan «Report» ýazýar.
Maskyň sözlerine görä, kompaniýada döredilen «Blindsight» atly enjam körlere, hatda dogabitdi batyl adamlara hem görmek ukybyny gaýdyp berer. Ol şeýle hem «Neuralink» tarapyndan alnyp barylýan täze ylmy işläp düzmeler biloňurgasyna şikes ýetip ysmaz bolan adamlaryň ýöremegini dikelder diýip hasaplaýar.