«Erasmus+» maksatnamasynyň Halkara akademiki alyş-çalyş taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Bolgariýanyň Angel Kynçew adyndaky Ruse uniwersitetiniň arasynda ylym we bilim ugurlarynda hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýan Ylalaşyga laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň wekilleri aprel aýynyň soňky ongünlüginde iş sapary bilen Bolgariýa Respublikasynyň Ruse şäherine boldular. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berdi.
Saparyň esasy çäreleriniň biri Türkmenistanyň wekiliýetiniň «Bilimiň sanlylaşdyrylmagy – meseleler we çözgütler» atly Üçünji halkara ylmy-amaly maslahatynyň işine gatnaşmagy boldy. Bu ýerde bilim ulgamyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, şeýle hem ýokary bilimiň sanlylaşdyrylmagyndaky wezipeler we geljekki mümkinçilikler bilen baglanyşykly derwaýys meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatyň başlanmagyndan bir gün öň onuň gatnaşyjylary halkara hyzmatdaşlygyň geljegi boýunça geçirilen «tegelek stol» maslahatyna gatnaşdylar. Bu ýerde Bolgariýanyň iň iri ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Angel Kynçew adyndaky Ruse uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda prorektor Galina Iwanowa uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy berkitmäge gyzyklanma bildirip, uniwersitetiň «Erasmus+» maksatnamasyny durmuşa geçirmekde gazanan tejribesi barada gürrüň berdi. Şeýle hem ol «Erasmus+» maksatnamasynyň Halkara akademiki alyş-çalyş taslamasynyň (ICM) çäklerinde talyplaryň we mugallymlaryň alyş-çalyşyny giňeltmek mümkinçiliklerini nazara almak bilen, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegini ugur edinýändigini mälim etdi.
Esasy ara alyp maslahatlaşmalar forumyň özünde geçirildi. Onuň çäklerinde durnukly ösüş ýörelgeleriniň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy boýunça häzirki zaman tejribeler we gazanylan üstünlikler ara alnyp maslahatlaşyldy. Uniwersitetleriň we ylmy merkezleriň wekilleriniň arasynda hünär tejribe alyş-çalyşy boldy.
Konferensiýanyň dowamynda gatnaşyjylaryň çykyşlary diňlenildi. Durnukly ösüş we bilim ulgamynda sanly özgertmeler meselelerine bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahatda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň diller kafedrasynyň müdiri Gadam Akmyradow «Durnukly sanly geljegiň üpjün edilmeginde «ýaşyl» özgertmeleriň ähmiýeti» atly tema bilen çykyş etdi. Ol «ýaşyl» özgertmeleriň ähli bilim maksatnamalarynda — ynsanperwer ugurlarda, tehniki hünärlerde we inženerçilik ugurlarda eýeleýän orny barada gürrüň berdi. Çykyşda aýratyn üns ekologik temalaryň dil öwredilişine integrirlenmegine gönükdirildi.
Halkara forumynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «IT-Nurly şöhle» ylmy-okuw merkeziniň direktory Göwher Begmyradowa hem çykyş etdi. Onuň çykyşynyň temasy «Häzirki zaman maglumat tehnologiýalarynyň döwlet gullukçylaryny hünär taýdan taýýarlamakdaky orny» diýlip atlandyryldy. Göwher Begmyradowa öz çykyşynda sanly tehnologiýalaryň çalt ösüşi we elektron döwlet dolandyryşyna geçiş şertlerinde döwrebap tehnologiýanyň wezipesi, onuň işçi güýjüni, wagty we serişdeleri tygşytlamakdaky artykmaçlyklary barada çykyş etdi. Şeýle hem «IT-Nurly şöhle» ylmy-okuw merkeziniň alyp barýan işi barada hem gürrüň berdi. Bu merkez häzirki zaman okuw platformalaryny we tehnologiýalary okuw prosesine işjeň ornaşdyrýar, interaktiw we uzak aralykda okatmak görnüşlerini ulanyp, okuw modullaryny taýýarlaýar.
Forumyň dowamynda giň pikir alyşmalar boldy. Oňa gatnaşanlar döwlet dolandyryş ulgamynyň sanly özgertmeleri boýunça iň gowy tejribeleri hem-de döwlet edaralarynyň işgärleriniň arasynda sanly medeniýeti döretmegiň çemeleşmelerini ara alyp maslahatlaşdylar diýlip, habarda bellenilýär.