Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Maldiwleriň Prezidenti 15 sagatlyk metbugat ýygnagyny geçirip, rekord goýdy

14:2705.05.2025
0
12442
Maldiwleriň Prezidenti 15 sagatlyk metbugat ýygnagyny geçirip, rekord goýdy
Surat: Rubryka.com

Maldiwleriň Prezidenti Mohamed Muizzu döwlet Baştutanlary üçin metbugat maslahatyny geçirmekde rekord goýdy. Ýagny 46 ýaşly Prezidentiň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşygy geçen şenbe güni ir sagat 10-da başlap, 14 sagat 54 minut dowam etdi. Onuň dowamynda namaz okamak we dem-dynç almak üçin gysga arakesmeler boldy diýip, AFP neşirine salgylanýan «rg.ru» habar berdi.

«Metbugat maslahaty gije ýarymdan soň hem dowam etdi, ol dünýä rekordy boldy. Prezident Muizzu žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi» diýlip, Prezidentiň diwanynda habar berdiler.

Çäre Bütindünýä metbugat azatlygy gününe bagyşlandy. Muizzu metbugatyň jemgyýetdäki möhüm ornuna ýokary baha berip, žurnalistleri wakalary dogruçyl, adalatly beýan etmäge çagyrdy. Maldiwleriň döwlet Baştutany ýerli ýaşaýjylaryň sowallaryna hem jogap berdi. Duşuşyga 20 töweregi žurnalist gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň