Fransiýanyň paýtagtynda diametri bäş santimetre golaý, ýagny bedene ýumurtgasynyň möçberindäki doly ýagdy diýip, «MIR 24» teleýaýlymy habar berdi.
Doly güýçli ýagyşdan soňra ýagdy, netijede, köçeler buz gatlagy bilen örtüldi. Tebigy hadysa öýleriň penjirelerini döwdi, ulaglara zeper ýetirdi. Güýçli ygal ýerasty geçelgeleriň gakr bolmagyna sebäp boldy. Metro we ýerüsti ulag gatnawynda bökdençlik döredi. Şemalyň tizligi 90 km/s.-a deň bolup, 15 minudyň dowamynda howanyň temperaturasy 27 gradusdan bolanlygyndan 15-e çenli pese gaçdy.