Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Esse Elite Group» kompaniýasy Talyplara Türkiýede okamakda toplumlaýyn goldaw

10:5405.05.2025
0
16248

Türkiýede ýerleşýän «Esse Elite Group» kompaniýasy dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundaky uniwersitetler bilen resmi taýdan hyzmatdaşlyk edip, halkara bilim hyzmatlary bazaryndaky ornuny pugtalandyrdy. Kompaniýanyň dünýädäki 1500-den gowrak uniwersitete okuwa ýerleşdirmäge mümkinçiligi bolup, eýýäm 5000-den gowrak ýaşlara abraýly ýokary okuw mekdeplere okuwa girmäge kömek etdi.

Kompaniýanyň hyzmatdaşlarynyň hatarynda Türkiýäniň öňdebaryjy uniwersitetleri, şol sanda Stambul Bahçeşehir uniwersiteti, Özýegin uniwersiteti, Kadir Has uniwersiteti, Stambul Sabanji uniwersiteti, Izmir Ýasar uniwersiteti we beýleki köp sanly ýokary okuw jaýlar bar.

«Esse Elite Group» Türkiýede okamak isleýän ýaşlara giňişleýin goldaw berýär. Kompaniýanyň hyzmatlary şulary öz içine alýar:

- abraýly döwlet uniwersitetlerine girmek boýunça maslahat bermek;

- talyplary garşy almak;

- talyp şahadatnamalaryny resmileşdirmek;

- okuw töleglerine kömek etmek we zerur bolan resminamalary taýýarlamak;

- talyp wizasyny almaga we ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmekde ýardam etmek;

- uniwersitetleriň arasynda geçirimleri guramak.

Bulardan başga-da, kompaniýa SAT, ACT, TRYOS, TOEFL, IELTS, HSK, GOETHE we GRE ýaly halkara synaglara taýýarlyk görmekde goldaw berýär, şeýle-de zehinli çagalar üçin ýörite programmalary durmuşa geçirýär.

«Esse Elite Group» kompaniýasynyň ofisi şu salgyda ýerleşýär: Şirinewler, Nil Sok. 15-17 D: 20, 34188 Bahçeliewler/Stambul, Türkiýe.

Belläp geçsek, ýakynda Aşgabatda şahamçasynyň açylmagyna garaşylýar.

Kompaniýanyň wekillerine ýüz tutmak üçin Esger Godaýew (+90 505 815 11 51, +90 552 591 46 58, esgergodayew30@gmail.com) ýa-da Serdar Çaryýew (+90 505 145 95 55, +90 505 035 51 05, esseacademy34@gmail.com) bilen habarlaşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň