Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Çaga tötänden bahasy 56 million dollar bolan nakgaşlyk eserine zeper ýetirdi

16:3330.04.2025
0
19856
Çaga tötänden bahasy 56 million dollar bolan nakgaşlyk eserine zeper ýetirdi
Surat: Runews24

Niderlandlardaky Rotterdamyň muzeýindäki Mark Rotkonyň surat eseri çaga tötänden oňa galtaşandan soňra zeperlendi. Sungat eseri 56 million amerikan dollary bahalanýar diýip, «MIR 24» habar berdi.

«Goýy gyzyl reňkdäki çal, mämişi, № 8» atly eser 1960-njy ýylda döredilen. Çaga oňa elini degrende, aşaky bölegindäki reňk örtüginde sypjyryk yzlary galdy. Çaganyň ady agzalmaýar, şeýle-de kimi ýitginiň öwezini dolmaga borçly ediljekdigi habar berilmeýär. Häzir sungat eserini abatlamak üçin geljekki çäreler öwrenilýär.

Suratkeş Rotko ony abstrakt ekspressionizm usulynda döredipdir. 1970-nji ýylda aradan çykan nakgaşyň işleri söwda auksionynda gymmat satylýar, mysal üçin, onuň «Gülgün, gyzyl, sary» atly işi 2012-nji ýylda 86,9 million dollara satyn alyndy diýip, «The People» neşiri habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň