Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmak maksatnamasynyň çäklerinde elektrik ulaglaryny işjeň ornaşdyrýar

18:2429.04.2025
0
12579

Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Babanyýaz Ýallakow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Durnukly ösüş boýunça Birinji ministrler derejesindäki forumda çykyş edip, Türkmenistanyň ykdysadyýeti kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmak maksatnamasynyň çäklerinde ulag serişdeleriniň elektrikleşdirme işini işjeň öňe sürýändigini nygtady. Bu barada Türkmenportalyň habarçysy habar berýär.

«Elektrikleşdirme maksatnamasynyň netijeli durmuşa geçirilmeginiň mysaly hökmünde täze Arkadag şäherinde jemgyýetçilik elektrobuslarynyň we taksi elektromobilleriniň üstünlikli ornaşdyrylmagyny getirip bolar. Şol bir wagtda elektrik ulag serişdeleriniň ulanyjylary üçin zarýad beriji infrastrukturasy hem ösdürilýär we ol elýeterli edilýär» - diýip, Ýallakow belläp geçdi.

Ministriň orunbasarynyň sözlerine görä, ulag ulgamlaryny howanyň üýtgemegine uýgunlaşdyrmak ýurduň ulag infrastrukturasynyň ösmeginiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Ýallakow daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak Türkmenistanyň ýolbaşçylygy tarapyndan halkara hyzmatdaşlygy talap edýän ählumumy alada hökmünde görülýändigini nygtady. Bu ugurda döwlet syýasaty halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagy we täze ekologiki taslamalary durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň