Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň gatnaşmagynda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 105-nji mejlisi geçirildi

17:3829.04.2025
0
14180
Türkmenistanyň gatnaşmagynda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 105-nji mejlisi geçirildi
Surat: E-cis.info

Şu gün Daşkent şäherinde GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 105-nji mejlisi geçirildi. Oňa gurama agza ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistanyň hem wekilleri gatnaşdy. Mejlisde Türkmenistana ýurduň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow wekilçilik etdi.

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, mejlisde GDA agza ýurtlaryň ykdysady hyzmatdaşlygy bilen baglanyşykly köp sanly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň gün tertibine GDA ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen baglanyşykly 20 sany derwaýys mesele girizilip, olar jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň ahyrynda 19 sany resminama gol çekildi.

Mejlisiň dowamynda wekiliýetleriň ýolbaşçylary GDA ýurtlarynyň howa gatnawyny amala aşyrýan düzümleriniň işini utgaşdyrmak baradaky täze konsepsiýanyň taslamasyny makulladylar. Mundan başga-da, 2030-njy ýyla çenli döwürde GDA-nyň çäginde özara maýa goýumlaryny çekmek, ösdürmek we olary goldamak boýunça hereketleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Mejlisiň ahyrynda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 106-njy mejlisini 2025-nji ýylyň 18-nji iýulynda Moskwa şäherinde geçirmek barada ylalaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň