Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Wise-premýer N.Atagulyýew YHG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

09:0129.04.2025
0
16144
Wise-premýer N.Atagulyýew YHG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy
Surat: ECO.int

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary, doktor Asad Majeed Han YHG-nyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumynyň çäginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew bilen duşuşdy.

Duşuşykda doktor Asad Majid Han Türkmenistanyň YHG-de alyp barýan işjeň we netijeli işine ýokary baha berip, ýurduň sebitleýin ykdysady ösüşe goşýan goşandyny aýratyn nygtady. Şeýle hem forumyň ýokary derejede guramaçylykly geçirilendigini belläp geçdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda doktor Han YHG sebitiniň 2023-nji ýylda dünýä söwdasyna goşandynyň 1 trillion 16 milliard amerikan dollaryna ýetendigini, sebitdäki özara söwdanyň bolsa 82 milliard amerikan dollaryna deň bolandygyny aýtdy. Şeýle-de YHG-nyň Baş sekretary Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasy bilen bilelikdäki serhetýaka taslamalarynyň döredilmegi boýunça YHG tarapyndan ylmy-barlag işleriniň geçirilmegi baradaky teklibini goldap, bu ugurda hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň ähmiýetini belledi.

Şeýle hem doktor Han YHG-niň dürli ugurlar boýunça geçiriljek ministrler derejesindäki duşuşyklary barada maglumat berip, Türkmenistany bu duşuşyklara işjeň gatnaşmaga we öz goşandyny goşmaga çagyrdy. Mundan başga-da, ol YHG-niň Söwda ylalaşygynyň we Maýa goýumlary goramak we höweslendirmek boýunça ylalaşygyň baglaşylmagynyň we tassyklanylmagynyň söwda gatnaşyklarynyň hem-de ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly itergi berjekdigini nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň