29-njy aprelde Türkmenistanyň ähli sebitlerinde ýagyş ýagmagy mümkin, şeýle hem tizligi sekuntda 17 metre çenli ýetýän güýçli şemal öwser. Bu barada Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň resmi saýtynda maglumat berildi. Habarda bellenilişine görä:
Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 12 — 14 metr, wagtal-wagtal 17 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +18... +20 gradus, gündizine +20... +22 gradus maýyl bolar.
Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metr, käýerlerinde 17 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +9... +14 gradus, gündizine +14... +19 gradus, kenarýaka etraplarynda +10... +15 gradus maýyl bolar.
Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metr, käýerlerinde 18 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +15... +20 gradus, gündizine +20... +25 gradus, günorta-gündogar etraplarynda +30 gradusa çenli maýyl bolar.
Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metr, käýerlerinde 18 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +17... +22 gradus, gündizine +27... +32 gradus maýyl bolar.