Ozal habar berşimiz ýaly, 28-29-njy aprelde Arkadag şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy geçirilýär. Onuň işine YHG-nyň Baş sekretary doktor Asad Majid Han hem gatnaşýar. YHG we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan bilelikde guralan bu forumyň maksady Durnukly ösüş maksatlary boýunça 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini durmuşa geçirmek ugrunda YHG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygy güýçlendirmekden ybarat.
Forumyň açylyşynda Baş sekretar bu çäräniň Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmekde sebitleýin tagallalary utgaşdyrmak üçin strategik meýdança hökmündäki ähmiýetini nygtady. Ol arabaglanyşygy güýçlendirmegiň, innowasion çözgütleriň we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň zerurlygyny aýratyn belläp geçdi. Şeýle hem täze döredilen Durnukly ösüş maksatlary boýunça ýokary derejeli iş toparynyň (DÖMBÝDİT) we ýakyn wagtda çap ediljek YHG-niň DÖM-iň ýerine ýetirilişi boýunça görkezijiler hasabatynyň sebitleýin tagallalara çelgi boljakdygyny aýtdy.
Forum YHG-ne agza döwletleriniň ministrlerini, ýokary derejeli resmileri, halkara guramalarynyň, ylmy jemgyýetçiligiň we hususy pudagyň wekillerini bir ýere jemledi. Esasy temalar howanyň üýtgemegi bilen bagly çäreler, gender deňligi, iş üpjünçiligi, saglyk we durnukly ösüşde maşgala institutlarynyň ähmiýeti bilen baglanyşykly boldy.
Doktor Asad Majid Han forumy her ýyl geçirilýän maslahata öwürmegi teklip etdi hem-de onuň sebitleýin ösüşiň öňünde dörän täze wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly meýdança bolup durýandygyny belledi.