Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Pakistanyň Meýilleşdiriş ministri Türkmenistana geldi

14:0728.04.2025
0
17912

Pakistanyň Meýilleşdiriş ministri, professor Ahsan Ikbal Çaudhari Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) durnukly ösüş boýunça birinji forumyna gatnaşmak üçin resmi sapar bilen Türkmenistana geldi.

Bu sapar Pakistanyň URAAN Pakistan başlangyjynyň çäklerinde sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek, durnukly ösüş we ykdysady jebislik boýunça has giň borçnamalarynyň bir bölegidir. Aşgabada gelen badyna ministr Pakistanyň ilçihanasyna baryp, ol ýerde diplomatik işgärler we pakistan jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşdy – diýlip, Pakistanyň meýilleşdiriş we ösüş ministrliginiň X sahypasynda habar berilýär.

Foruma YHG-na agza döwletleriň ýokary derejeli wekilleri, halkara guramalaryň, şeýle hem Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we milli ministrlikleriň wekilleri gatnaşýarlar.

Forumuň maksady YHG-da 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş boýunça gün tertibini durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdyr. Foruma gatnaşyjylar Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmek üçin amala aşyrylmaly ädimleri ara alyp maslahatlaşarlar we ileri tutulýan ugurlary kesgitläp, hyzmatdaşlyk strategiýasyny işläp taýýarlarlar.

Forumuň netijeleri boýunça sebitiň durnukly ösüşi ugrunda indiki ädimlere esas boljak resmi resminamanyň kabul edilmegi meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň