Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenpoçtadan» çaparçylyk hyzmaty: Türkmenistanyň ýaşaýjylary üçin eltip bermegiň täze standarty

09:3928.04.2025
0
23638

Türkmenistanyň içinde möhüm ýollamalary eltip bermek meselesinde ygtybarlylyk we gowşuryş kepilligi ilkinji nobatdaky ähmiýe eýedir. «Türkmenpoçtanyň» çaparçylyk hyzmaty – ibermegiň amatlylygyny we her bir bukjanyň ýurduň islendik künjeginde adresata gowşuryljakdygyna bolan ynamy özünde jemleýän döwrebap çözgütdir.

«Türkmenpoçtanyň» çaparçylyk hyzmatynyň artykmaçlyklary

- tiz eltip bermek;

- şahsy çemeleşme;

- bukjanyň doly abatlygy.

Hyzmatlaryň giň gerimi

Beýleki şäherlerdäki garyndaşlara baýramçylyk we ýadygärlik sowgatlary ibermek

Telekeçiler we onlaýn dükanlar üçin harytlary eltip bermek

Kärhanalar we raýatlar üçin möhüm resminamalary ibermek

Seresaplylyk bilen çemeleşmegi talap edýän gyssagly ýollamalary daşamak

«Türkmenpoçta» hyzmatyň hiline we ýollamalaryň howpsuzlygyna aýratyn üns berýär. Kompaniýanyň her bir çapary müşderiler bilen işleşende ýokary hünär derejesini üpjün edýän ýöriteleşdirilen taýýarlygy geçýär.

Çapary iki ýönekeý usulda çagyryp bilersiňiz: telefon arkaly (+993 12) 92 14 95 ýa-da «ÇaparPay» ykjam programmasy arkaly.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň