Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«ÇaparPay»: sanly tölegler we hyzmatlar üçin ähli zerur zatlar bir ykjam programmada

11:4325.04.2025
0
23800

«ÇaparPay» ykjam programmasy işini kämilleşdirmegi dowam edip, ulanyjylara sanly tölegler we hyzmatlar üçin has köp mümkinçilikleri döredýär.

«ÇaparPay» ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulmalary üçin jerimeleri tölemäge, jemagat hojalygynyň hyzmatlary üçin töleg geçirmäge, meşhur «Belet» platformasynyň balansyny doldurmaga ýa-da «Älem TV» teleýaýlymyna abuna töleglerini tölemäge mümkinçilik döredýär.

Mundan başga-da, «ÇaparPay» içerki syýahatlary meýilleşdirmek işini has aňsatlaşdyrdy. Ulanyjylar birnäçe ädimde amatly uçuşy tapyp, orunlary saýlap we biletler üçin tölegi göni smartfonlaryndan howpsuz töläp bilerler, bu bolsa Türkmenistanda syýahaty has elýeterli we amatly edýär.

«ÇaparPay» ykjam programmasyndan «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň çaparyny çagyrmak mümkindir, bu bolsa poçta ibermegi we almagy öränaňsatlaşdyrýar, şeýle hem ýurduň ähli welaýatlarynda «Türkmentelekom» operatorynyň telefon we internet hyzmatlary üçin tölegleri tölemek mümkindir.

Ykjam programma «Google Play» we «App Store» ulgamlarynda ýükläp almak üçin elýeterlidir. Işläp düzüjiler ulanyjylara aýyň ahyrynda birikdirilen hyzmatlar üçin tölegi öz wagtynda tölemegiň zerurdygyny ýatladýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň