Eýranyň Hormozgan ülkesiniň Bender-Abbas şäheriniň Şehid Rajai adyndaky deňiz portunda geçen şenbede bolan partlamanyň pidalarynyň sany 28-e ýetdi. Ejir çekenleriň sany bir müň iki ýüzden gowrak. Bu barada ülkäniň kazyýet edarasynyň başlygy Mojtab Kahremanä salgylanýan «MIR 24» habar berdi.
Lukmançylyk kömegi üçin 1100-den gowrak adam ýüz tutdy. Ýurduň Hökümetiniň resmi wekili Fateme Mohajeraniniň sözlerine görä, lukmanlar 1139 adam gyssagly kömek berdiler. Ýangyn söndürildi, ýagdaý gözegçilik astyna alyndy.
Eýranyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýazmagyna görä, partlamanyň sesi wakanyň bolan ýerinden 20 kilometrlikdäki Keşm adasynda hem eşidilipdir.
Adatdan daşary ýagdaýyň sebäpleri derňelýär.
Deňiz porty işini dikeltdi.