Türkmenistanly sungat ussatlary 26 — 28-nji aprelde Özbegistanyň Hywa şäherinde geçirilýän IV Halkara bagşyçylyk festiwalyna gatnaşýarlar. Bu barada yuz.uz saýty ýazýar.
Festiwala dünýäniň 40-dan gowrak döwletinden, takmynan, 200 töweregi bagşy gatnaşýar diýlip, habarda bellenilýär.
Festiwalyň çäginde 27-nji aprelde ikinji Türk dünýäsiniň medeniýeti forumy hem-de «Täze Özbegistanda bagşyçylyk sungaty: häzirki zaman barlaglary we geljekki mümkinçilikler» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Ýeri gelende bellesek, Özbegistanda Halkara bagşyçylyk festiwaly 2019-njy ýyldan bäri her iki ýyldan bir gezek geçirilip gelinýär. Türkmen bagşylary hem bu festiwalda baýrakly orunlara mynasyp bolupdylar.