Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, söhbetdeşligiň başynda türkmen halkynyň Milli Lideri Bender Abbas portunda bolup geçen partlama zerarly öz adyndan, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan EYR-nyň Prezidenti Masud Pezeşkiana we goňşy ýurduň halkyna çuňňur gynanjyny hem-de duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň ýakyn goňşusy hökmünde Türkmenistanyň partlama zerarly ejir çekenlere lukmançylyk we beýleki ähli zerur kömegi bermäge taýýardygyny nygtady.
Prezident Masud Pezeşkian hoşallyk bildirip, şu çylşyrymly pursatda türkmen halkynyň Milli Lideriniň ilkinji bolup öz goldawyny bermek baradaky teklibini beýan edendigini aýtdy.
Söhbetdeşligiň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşi barada pikir alyşdylar, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän käbir meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.