«Maksatly Türkmen» hojalyk jemgyýeti öz müşderilerine howpsuzlygy we rahatlygy üpjün etmek üçin döwrebap çözgüt – köp gatly tripleks aýnaly penjireleri hödürleýär. Şeýle penjireler jenaýatçylara garşy ygtybarly päsgelçilik bolar we köçeden gelýän islenilmeýän gohdan netijeli gorar.
Adaty goşa aýnaly penjirelerden tapawutlylykda, «Maksatly Türkmeniň» goragly penjireleri tripleksden – köp gatly ýörite aýnadan ýasalýar. Bu tehnologiýanyň netijesinde, penjiräni döwmek synanyşygy edilende, aýna ýiti böleklere bölünmeýär, bitewiligini saklap, şikesleriň öňüni alýar.
Urgulara garşy ýokary durkunlylygyndan başga-da, tripleks ses izolýasiýa aýratynlyklaryna hem eýedir. Ol otaga daşardan gelýän sesiň aralaşmagyny ep-esli azaldýar, bu bolsa çagalar üçin oýun meýdançalarynyň ýa-da işjeň hereketli köçeleriň golaýynda ýerleşýän jaýlaryň ýaşaýjylary üçin aýratyn ähmiýetlidir. Şäheriň daşynda ýerleşýän jaýlaryň eýeleri hem tripleksiň gurluşyk meýdançalarynyň ýa-da goňşy öýlerdäki dabaralaryň seslerinden gorap, sessiz we asuda gurşaw döretmek ukybyna ýokary baha bererler.
«Maksatly Türkmen» hojalyk jemgyýetinden tripleks aýnaly penjireleri aşakdaky salgy boýunça sargyt edip bilersiňiz: Aşgabat, G.Kuliýew köçesi, 28-nji bina.
Telefonlar: 75 41 11, 19 41 11, 59 53 33, 14 53 33. Sosial ulgamdaky sahypasy.
Şeýle-de okaň: