27-nji aprelde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşyklaryny geçirmek meýilleşdirilýär. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer T.Atahallyýewiň hasabatynda aýdyldy.
Hasabatyň dowamynda wise-premýer Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çäreleri bellenen meýilnama laýyklykda, ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Nygtalyşy ýaly, bu baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzda möhüm ähmiýetli çäreler, bäsleşikler, sergiler we beýleki dabaralar geçirilýär. Şeýle hem baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde 25-nji aprelde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly XVII halkara ylmy maslahaty, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşigini, 26-njy aprelde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň açyk manežinde “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyryny geçirmek boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp baryldy.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň, welaýatlardaky gowaça ekişini berk gözegçilikde saklamagyň, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini talabalaýyk geçirmegiň, Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.