Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Tokaýew: «BMG oruntutarsyz ählumumy gurama»

11:3325.04.2025
0
17172
Tokaýew: «BMG oruntutarsyz ählumumy gurama»
Surat: Ortcom.kz

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew häzirki şertlerde Birleşen Milletler Guramasyny çalşyp bolmajak ählumumy gurama hasaplaýar we Respublika ony goldamagyny dowam eder. Bu barada TASS ýazýar.

«Gynansagam, häzir dünýäde dowam edýän ýiti ynamsyzlyk şertlerinde ekstremistik ideologiýalara we populizme dolanmak, radikal pikirleriň güýçlenmegi, halkara hukugynyň hümmetsizlenmegi, möhüm halkara institutlaryň çüýremegi hasaba alynýar. Şunuň bilen baglylykda, Gazagystan BMG-niň Düzgünnamasyna, onuň özgerdilmegine üýtgewsiz eýerýär. BMG häzirki ýagdaýlarda çalşyp bolmajak ählumumy gurama bolmagynda galýar, şonuň üçin biz ony goldamagy dowam ederis» diýip, döwlet Baştutany Gazagystanyň halklarynyň Assambleýasynyň ýygnagynda eden çykyşynda nygtady.

Tokaýew Gazagystanyň dürli ýurtlaryň hem-de sebitleriň arasynda dostlugyň we hyzmatdaşlygyň pugta köprülerini gurmakda, siwilizasiýalaryň dialogynyň ösdürilmeginde uly tagalla edýändigini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň