Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanda bolup geçen terrorçylykly hereket zerarly gynanç bildirdi, türkmen halkynyň Milli Lideri Gyrgyzystana saparyny tamamlap, Özbegistana ugrady, türkmen pälwanlary göreş boýunça halkara ýaryşynyň ilkinji gününde 14 medal gazandylar we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Draupadi Murmuwa hem-de Premýer-ministri Narendra Modä ýurduň Pahalgam şäherinde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk hereketi zerarly gynanç hatyny iberdi. «Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny juda aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar» diýip, döwlet Baştutany hatynda belledi.
2. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň raýatlarynyň dördüsine «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakyndaky Permana gol çekdi. Hormatly ada Rejepdurdy Garagulow, Täçmyrat Tekäýew, Teçdurdy Halbaýew we Gaýgysyz Handurdyýew mynasyp boldy. Resminamada bellenilişi ýaly, hormatly at türkmeniň baýlygy we guwanjy bolan behişdi bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda gazanan uly üstünlikleri üçin dakyldy.
3. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gyrgyz Respublikasyna dostlukly sapary tamamlandy, saparyň dowamynda Prezident Sadyr Žaparow bilen gepleşikler geçirildi. Saparyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak, sebit hyzmatdaşlygynyň we halkara gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ulag-logistika geçelgeleriniň ösdürilmegine, medeni-ynsanperwer gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Halk Maslahatynyň Başlygy Yssyk-köl Halkara howa menzilinden Samarkant şäherine ugrady. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Özbegistana sapary dowam edýär.
4. Kuala-Lumpurda geçirilýän «TEIF 2025» maýa goýum forumynda Türkmenistanyň energetika ministri Maksat Babaýew ýurduň energetika pudagynyň strategik taýdan möhüm ugurlaryna, şol sanda dünýäniň iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» käniniň täze tapgyrlarynyň özleşdirilmegine maýa goýumlaryny goýmagy teklip etdi. Ministr halkara wekilleriň öňünde çykyş edip, Türkmenistanyň tebigy gazyň subut edilen gorlary boýunça dünýäde dördünji orunda durýandygyny, şeýle hem dünýäniň energetika özgertmelerinde möhüm orny eýelemäge taýýardygyny nygtady.
5. Malaýziýanyň paýtagtynda geçirilýän daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumynda (TEIF 2025) Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarow ýurduň ykdysady ösüş görkezijileri bilen tanyşdyrdy. Jepbarowyň bellemegine görä, Türkmenistanyň ykdysadyýeti giňişleýin ösüş maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde 2024-nji ýylyň ahyryna jemi içerki önümiň 6,3% töweregi ösüşini görkezdi. Daşary söwda dolanyşygy 20 milliard ABŞ-nyň dollaryna golaý boldy, eksport bolsa 12,7 milliard dollar boldy. 4,4 milliard dollara barabar bolan söwda balansynyň oňyn saldosy aýratyn möhüm görkeziji hökmünde çykyş edýär.
6. Ýewropa Parlamentiniň binasynda Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow bilen Ýewropa Parlamentiniň Başlygynyň diplomatik geňeşçisi Silwiýa Kosinskanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Pälwanow Ýewropa Parlamentiniň Başlygy Roberta Metsolanyň adyna 12-nji dekabrda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmak üçin resmi çakylyk hatyny gowşurdy. Taraplar halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, häzirki geosyýasy ýagdaýlar barada pikir alyşdylar hem-de häzirki wagtda parahatçylykly dialogyň we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetiniň barha artýandygyny bellediler.
Dünýäde
1. «People» žurnaly Demi Mury 2025-nji ýylyň iň owadan adamy diýip yglan etdi. 62 ýaşly aktrisa okyjylaryň ses berlişigi esasynda ýeňiji boldy we žurnalyň maý aýyndaky sanynyň ýüzüne öwrüldi. Demi Mur 62 ýaşynda özüni ýaşlykdakydan has gowy duýýandygyny we bedenini bolşy ýaly kabul edýändigini aýtdy.
Sport täzelikleri
1. Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aşgabatda badalga alan sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşyň birinji gününiň netijeleri boýunça 14 medal gazandy. Bäsleşige Ýewropanyň we Aziýanyň 13 ýurdundan türgenler gatnaşýar. Resmi açylyş dabarasyndan soň türkmen milli göreşi boýunça 8 medal toplumy ugrunda ýaryşlar geçirildi. Türkmenistanyň wekilleri sekiz agram derejesiniňn ählisinde ýeňiji boldular, şeýle hem türkmen pälwanlary 5 kümüş medal we bir bürünç medal gazandylar.