Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün sapar bilen Samarkant şäherine bardy.
Iki ýurduň baýdaklary bilen bezelen Samarkant şäheriniň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew mähirli garşylady. Bu barada özbek Lideriniň Metbugat gullugy habar berdi.
Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda ikitaraplaýyn duşuşygyň geçirilmegine hem-de olaryň bilelikde birnäçe medeni çärelere gatnaşmaklaryna garaşylýar.
Ikitaraplaýyn duşuşykda türkmen-özbek strategiki hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi, şeýle-de sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.