Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmen Berk–Metal» türkmen telekeçilerine hojalyk himiýa pudagynda hyzmatdaşlygy teklip edýär

15:4424.04.2025
0
24591

Türkmenistanda ýuwujy serişdeleriň öňdebaryjy öndürijilerinden biri bolan «Türkmen Berk–Metal» hususy kärhanasy hyzmatdaşlarynyň ulgamyny giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini mälim edýär we ýerli telekeçileri hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýar. «Türkmen Berk–Metalyň» ýyllyk 50 000 tonna önüme çenli mukdarda öndürilýän assortimenti — «Emaý», «Güneş» hem-de «Arýa» ýaly haryt nyşanly ýokary hilli ýuwujy serişdelerini öz içine alýar.

«Türkmen Berk–Metal» kärhanasynda ornaşdyrylan häzirki zaman tehnologiki çözgütler, hojalyk himiýa serişdeleriniň ýokary netijeliligini we ajaýyp hilini üpjün edýär. Assortimentde kir ýuwujy serişdeler, tegmilleri aýyryjylar, aşhana we hammam idegleri üçin niýetlenen ýöriteleşdirilen arassalaýyş önümleri bar.

Kärhana lomaý satyn almak we paýlamak bilen gyzyklanýan türkmen telekeçileri üçin amatly hyzmatdaşlyk şertlerini hödürleýär. Kärhana yzygiderli dilerlik ulgamyny giňeltmäge çalyşýar we müşderilerine ýokary hilli önümlerini hödürlemek bilen, dükanlary hyzmatdaşlyga çagyrýar.

Hyzmatdaşlyk açmak we önümleriň giň görnüşi barada has giňişleýin maglumatlary almak üçin telekeçiler şu aşakdaky salgylar arkaly habarlaşyp bilerler:

  • ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi, 56-njy jaý;
  • telefon belgileri: (+993 12) 59 51 92, (+993 64) 32 46 89, (+993 12) 76 18 60;
  • web saýty: turkmenberk-metal.com;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy;
  • elektron poçta salgysy: tberkmetal@gmail.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň