Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Lotta Business Group» Aşgabatda superwaýzer üçin boş iş ornuny yglan edýär

12:1324.04.2025
0
27234

«Lotta Business Group» kompaniýasy türkmen paýtagtynda territorial dolandyryjy (superwaýzer) üçin täze boş iş ornuny açdy. Gurama satuw wekilleriniň toparyny dolandyrmak we bellenen sebitde satuwy ösdürmek üçin tejribeli hünärmen gözleýär.

Wezipe barada

Paýlaýyş işinde superwaýzer merkezi edara bilen iş toparynyň arasyndaky esasy hünärmendir. Bu hünärmen satuw wekillerini dolandyrmak, satuw işine gözegçilik etmek, müşderiler bilen gatnaşyklary gurmak we öz çäginde meýilleşdirilen görkezijileriň gazanylmagyny üpjün etmek üçin jogapkär adam bolup durýar.

Esasy borçlary

Superwaýzeriň jogapkärçiligine tälim bermek, ýolbaşçylyk etmek we höweslendirmek ýaly satuw wekilleriniň toparyny dolandyrmagyň dürli ugurlary girýär. Dalaşgär satuw meýilnamalaryna ýetmek, yzygiderli degişli zolakdaky işler boýunça seljerme geçirmek, netijeleri aýdyňlaşdyrmak hem-de hasabat döretmek üçin strategiýalary işläp düzmeli bolar. Şeýle hem wezipe borçlary esasy müşderiler bilen özara gatnaşygy we korporatiw standartlarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmegi öz içine alýar.

Dalaşgärlere bildirilýän talaplar

Kompaniýa superwaýzer ýa-da territorial dolandyryjy hökmünde azyndan iki ýyl iş tejribesi bolan dalaşgärleri göz öňünde tutýar. Iş toparyny dolandyrmak başarnyklary, paýlama işini bilmek we maglumatlary seljermek ukyby dalaşgärler üçin peýdaly artykmaçlyk bolar. Dalaşgär ajaýyp aragatnaşyk we guramaçylyk ukyplaryna eýe bolmaly, kompýuterden peýdalanmagy başarmaly we rus hem türkmen dillerinde suwara geplemelidir.

Iş şertleri

«Lotta Business Group» kompaniýasy esasy kesgitli aýlyk töleginden we bölekleýin bonus töleglerinden, resmi iş we hünär derejesini ýokarlandyrmak we karýerany ösdürmek üçin mümkinçiliklerden ybarat bolan bäsdeşlige ukyply haklary hödürleýär. Kompaniýa işiň durnuklylygyny nygtamak bilen, goşmaça artykmaçlyk hökmünde tejribeli toparyň goldaw berýändigini ýatladýar.

Nädip habarlaşyp bolýar?

Gyzyklanma bildirýän dalaşgärler öz arzalaryny lotta@lotta-tm.com elektron poçta salgysyna iberip ýa-da (+993 12) 75 44 50, (+993 65) 25 69 50 telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilerler. Dalaşgärler arzasyny şu salgylanmada dolduryp bilersiňiz.

Kompaniýanyň ofisi Aşgabatda şu salgyda ýerleşýär: G.Kulyýew köçesi, 24-nji jaý (Obýezdnaýa, «Arzuw» binasy, 2-nji gat).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň