Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Draupadi Murmuwa hem-de Premýer-ministri Narendra Modä ýurduň Pahalgam şäherinde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk hereketi zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
«Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny juda aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar» diýip, türkmen döwletiniň Baştutany hatynda belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan, gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.