22-nji aprelde Ýewropa Parlamentiniň binasynda Türkmenistanyň Belgiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Pälwanow bilen Ýewropa Parlamentiniň Başlygynyň diplomatik geňeşçisi Silwiýa Kosinskanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Brýusseldäki diplomatik wekilhanasy habar berdi.
Duşuşygyň barşynda ilçi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýewropa Parlamentiniň Başlygy Roberta Metsolanyň adyna iberen 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmak üçin resmi çakylyk hatyny gowşurdy.
Taraplar halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, häzirki geosyýasy ýagdaýlar barada pikir alyşdylar hem-de häzirki wagtda parahatçylykly dialogyň we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetiniň barha artýandygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjyna aýratyn üns berildi. Ilçi bu senäniň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Birleşen Milletler Guramasynyň 80 ýyllygy bilen gabat gelýändigini belledi. Şeýle hem ol Aşgabatda geçiriljek forumyň döwletleriň arasynda açyk dialogyň we ynanyşmagyň ýörelgelerini ilerletmek üçin möhüm meýdança boljakdygyny nygtady.
Öz gezeginde Silwiýa Kosinska Türkmenistanyň parahatçylygy berkitmäge gönükdirilen başlangyçlaryna ýokary baha berdi we parlamentara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny beýan etdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplaryň özara gatnaşyklary dowam etdirmek we netijeli dialogy has-da ösdürmek üçin bilelikdäki tagallalary etmäge taýýardygy mälim edildi.