Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa şu ýyl Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary bilen gelmek baradaky çakylygyny beýan etdi. Bu sapar özara doganlyk gatnaşyklaryna goşmaça itergi berer. TDH-niň habar berşi ýaly, gazak Lideri bu barada Gazagystanda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçirilen duşuşygynda aýtdy.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe mähirli kabul edendigi we myhmansöýerlik, Türkmenistanyň wekiliýetiniň gadymy Türküstan şäherinde bolmagy üçin amatly şertleriň döredilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Gazagystanyň Baştutany Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp, 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çakylygy üçin Gahryman Arkadaga hoşallyk bildirip, bu çakylygy höwes bilen kabul edendigini hem-de türkmen paýtagtyna sapary amala aşyrmaga meýillidigini nygtady.