Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Gazagystan ulag-kommunikasiýa pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürýär

11:5123.04.2025
0
29137

Gazagystana dostlukly saparynyň barşynda Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ulag-kommunikasiýa pudagyny hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Bu barada TDH habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadag mundan beýläk-de amatly üstaşyr ulag şertlerini döretmek maksady bilen, Hazar deňzinde Türkmenbaşy, Aktau we Kuryk portlarynyň arasyndaky hemmetaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek meselelerine garamagy teklip etdi. Şeýle-de awtomobil we demir ýol ulaglary arkaly ýük daşamalaryň oňyn ösýändigi nygtaldy. Hususan-da, şunda Demirgazyk — Günorta geçelgesiniň çäklerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ulgamlaýyn işi dowam etdirmegiň maksadalaýykdygyna üns çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň