Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Rowachlan Galkynysh» ygtybarly gaplamak üçin polipropilen haltalary hödürleýär

10:4423.04.2025
0
16902

«Rowachlan Galkynysh» hususy kärhanasy ýerli hem daşary ýurt kärhanalaryna we önüm öndürijilerine azyk we azyk däl önümleri gaplamak üçin örän amatly bolan «Rowachpack» haryt nyşanly berk gaplama çözgütlerini hödürleýär.

Alyjylara ýetirilýän önümleriň hatarynda — köptaraplylygy, berkligi we ulanmakda aňsatlygy bilen tapawutlanýan polipropilen haltalar esasy orun eýeleýär. «Rowachpack» önümleriniň müşderileri haltalary zerurlyklaryna görä, gerekli ölçege çenli üýtgedip ulanyp bilerler.

«Rowachpack» polipropilen haltalarynyň assortimenti dürli görnüşde bolýar: ini 40 — 200 sm we dykyzlygy 48sm-den 180 g/m2-e çenli ölçeglerde bolýar. Amatly bolmagy üçin her rulonda onuň agramy we metražy barada maglumat berilýär.

Bu polipropilen haltalary ulanmak baha babatda hem örän amatly saýlaw bolup, arzan bahadan ýetirilýändigi gaplamalar üçin çykdajylaryňyzy elýeterli etmäge mümkinçilik berýär.

«Rowachpack» — önümleriň hiliniň saklanylýan we daşalýan döwründe kadaly bolmagyny üpjün edýän ygtybarly gaplamalaryň biridir.

Habarlaşmak üçin:

  • telefon belgileri: (+993 62) 29 29 69 we (+993 12) 29 29 69;
  • elektron poçta salgysy: rowachpack@gmail.com;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň