Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyzystana sapar bilen bardy

23:0722.04.2025
0
18490
Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyzystana sapar bilen bardy
Surat: president.kg

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sapar bilen Gyrgyzystana bardy. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berdi.

Türkmen halkynyň Milli Liderini «Yssyk-Köl» Halkara howa menzilinde ýurduň Prezidenti Sadyr Žaparow mähirli garşylady.

Iki ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelen howa menzilinde belent mertebeli myhmanyň hormatyna Hormat garawuly nyzama düzüldi.

Habarda bellenilişi ýaly, saparyň çäginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Gyrgyzystanyň Prezidentiniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçiriler.

Mundan başga-da, saparyň dowamynda birnäçe medeni we işewürlik çäreleri göz öňünde tutulýar.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy 21-22-nji aprelde Gazagystanda saparda bolup, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Şeýle-de birnäçe medeni-jemgyýetçilik çärelerrine gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň