Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýerde üç günlük güýçli magnit tupany bolar

14:4222.04.2025
0
29676
Ýerde üç günlük güýçli magnit tupany bolar
Surat: 78.ru

Günde uly koronal deşigiň emele gelmegi bilen baglylykda, Ýerde güýçli magnit tupanlaryna garaşylýar. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary institutynyň hem-de Gün-ýer fizikasy institutynyň wekilleri habar berdiler diýip, «Iz.ru» ýazýar.

Çaklamalara görä, duşenbe güni — 21-nji aprel agşamyndan başlap, güýçli magnit tupanynyň işjeňligi 80 göterime ýetip biler.

«Häzirki wagtda, eger Gündäki deşigiň möçberi häzirki ýagdaýynda galsa, tupanlaryň dowamlylygy gysga möhletli (iki gije-gündiz, duşenbeden sişenbä çenli) bolup biler. Has ýaramaz ýagdaýda ol çarşenbäniň bir bölegini-de öz içine alar» diýlip, institutyň Telegram-ýaýlymynda ýerleşdirilen habarda aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň