Merkezi Aziýadaky Serhetleri dolandyryş maksatnamasynyň çäginde (BOMCA 10) Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna maglumatlary gaýtadan işlemek we gözegçilik enjamlary berildi.
BOMKA10 web sahypasynda berilýän habara görä, 9 527 76 ýewro bahasy bolan täze enjamlar şahsy kompýuterleri, monitorlary, serwerleri, printerleri we noutbugy öz içine alýar.
Gowşurylyş dabarasy 19-njy aprelde geçirildi.
Döwrebap tehnologiýa, ýolagçy, ulag we ýük akymlary baradaky maglumatlary ýygnamak, seljermek ukybyny ýokarlandyrmak üçin Baş edaradaky Serhet gözegçilik bölümi üçin niýetlenendir.