Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Onuň Ruhany Hezretleri, Keramatly Rim ybadathanasynyň Kamerlengosy Kardinal Kewin Jozef Farrelle Onuň Ruhany Hezretleri Papa Fransiskiň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
«Papa Fransiskiň dinleriň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmakdaky, dünýäde parahatçylygy, asudalygy we agzybirligi pugtalandyrmakdaky uly tagallalary ähli halklaryň hakydasynda ebedi galar» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow hatynda belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda katolik jemgyýetine ýürekden duýgudaşlygyny bildirdi we medet beriji sözlerini beýan etdi.
Ozal habar berşimiz ýaly, 88 ýaşda aradan çykan Papa Fransisk şu ýylyň fewralynda iki taraplaýyn öýken çişmesine getiren bronhit keseline uçrady. Ony Rimdäki «Jemelli» keselhanasyna ýerleşdirdiler. Ol ýerde bäş hepde bolanda, Pontifik iki gezek janyna howp salan kynçylykly ýagdaýy hem-de dört gezek agyr demgysmany başdan geçirdi.
Papa hassahanadan 23-nji martda çykdy. Şondan soňra ol diňe bir gezek köpçülikde göründi, emma resmi kabul edişlikleri alyp bardy.