Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Hoja Ahmet Ýasawynyň mawzoleýine baryp gördi

18:5121.04.2025
0
27593
Gurbanguly Berdimuhamedow Hoja Ahmet Ýasawynyň mawzoleýine baryp gördi
Surat: akorda.gov.kz

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen bilelikde türki dünýäniň iň beýik ruhy we taryhy-medeni mukaddes ýerlerinden biri hasaplanýan, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Hoja Ahmet Ýasawynyň mawzoleýine baryp gördi. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berdi.

Belent mertebeli myhmanlar görnükli akyldary hatyralap aýat-doga okadylar hem-de mawzoleýde işjeň alnyp barylýan dikeldiş we ylmy gözleg işleri bilen tanyşdylar.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda Gazagystanyň Türküstan şäherinde saparda bolýar. Saparyň çäginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Gazagystanyň Prezidentiniň arasynda resmi däl duşuşyk geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň