Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Internetde guşlaryň iň köp uçýan ugrunyň wideosy peýda boldy

13:2819.04.2025
0
25475
Internetde guşlaryň iň köp uçýan ugrunyň wideosy peýda boldy
Surat: Pogoda.mail.ru

Göçegçi guşlar uzaga çeken gyşdan soňra günortadan özleriniň dogduk mekanlaryna gaýdyp gelýärler. Internetde sansyz-sajaksyz guşlaryň öýlerine gaýdyp gelşiniň wideosy çap edildi diýip, «Pogoda.mail.ru» habar berýär. Ýagny ysraýylly öz gözleri bilen synlan ajaýyp wakasyny wideo düşürdi. Ol bäş milliondan hem köp guşuň öz höwürtgeleýän mekanlaryna dolanyp barşyny wideo düşürdi.

Habarda bu howa ýoly boýunça bäş milliondan hem kän guşlaryň uçýandygy bellenýär. Howa ýoly üç yklymyň – Ýewropanyň, Aziýanyň we Afrikanyň çatrygynda ýerleşýär.

«Howa köprüleri» diýlip atlandyrylýan bu ugurlary guşlar ýöne ýere saýlamaýarlar. Ol howanyň ýagdaýy, azygyň bolmagy, ýerli landşaftyň aýratynlyklary we daşky gurşawyň taryhy özgerişligi esasynda kemala gelýär.Guşlar güýji tygşytlamaga we diri galmaga has köp mümkinçilik berýän amatly ugurlary saýlaýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň